Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpine Hytaýda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpine Hytaýda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Halas edijiler Hytaýda bolup geçen ýertitreme zerarly zeper ýeten binalarda gözleg işlerini alyp barýarlar. (Surat: “Sinhua”)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Sinhua” agentliginiň çarşenbe güni habar bermegine görä, Hytaýyň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda duşenbe güni agşam 6,2 ballyk ýertitreme bolup geçdi we ol zerarly 127 sany adam wepat boldy.

2022