Türkmen telekeçisiniň ýyladyşhanalarynda 3-4 günden 1 tonna golaý badamjan ýygnalýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisiniň ýyladyşhanalarynda 3-4 günden 1 tonna golaý badamjan ýygnalýar
Telekeçiler maşgalasynyň iş pursaty.

Türkmen telekeçisi Serdar Nepesowa we onuň ogluna degişli ýyladyşhanalarda her 3-4 günden 1 tonna golaý badamjan, 200-250 kilogram möçberde bolgar burçy ýygnalyp, ýurduň bazarlaryna iberilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Hususy telekeçi Serdar Nepesowyň Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginde üç sany uly ýyladyşhanasy, onuň oglunyň bolsa gök we bakja ekinleriniň dürli şitillerini ýetişdirmek üçin niýetlenilen üç sany ýyladyşhanasy hem-de bolgar burçy ekilen bir sany ýyladyşhanasy bar.

Şitilleri ýetişdirmek üçin niýetlenilen ýyladyşhanalarda pomidoryň, hyýaryň, badamjanyň, bolgar burçunyň, kelemiň şitilleri tapgyrlaýyn ýetişdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde ýaz aýlarynda gawundyr garpyzyň şitilleri ýetişdirilip, ilata hödürlenilýär.

2022