Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde surata düşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň eýwanynda oturdylan Täze ýyl arçasynyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalaryň şowhunly çykyşlary, belent ruha beslenen aýdym-sazlary ýaýbaňlandyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýar çagalary Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlap, olara mundan beýläk-de sagdynlyk, ruhubelentlik arzuw etdi we baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. 

Mejlisde gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, şu ýylyň dowamynda jemi 260 sany operasiýanyň geçirilendigi, hem-de 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileriniň alnyp barylandygy mälim edildi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez bagtyýarlyk arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022