Türkmen türgenleri we tälimçiler awtoulaglar bilen sylaglanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen türgenleri we tälimçiler awtoulaglar bilen sylaglanyldy
Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenler we olaryň tälimçileri sowgat berlen awtoulaglaryň ýanynda, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi açyldy. Onuň çäginde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynda ýokary netijeleri gazanan türgenler we olary bu ýaryşa taýýarlan tälimçiler awtoulaglar bilen sylaglanyldy.

Türkmen türgenlerine hem-de tälimçi-mugallymlaryna sowgat hökmünde 2 sany “Toyota Camry V6” we 5 sany “Toyota Fortuner SR5” kysymly 2023-nji ýylda öndürilen awtoulaglaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony we ýurduň Kubogynyň eýesi bolan “Arkadag” futbol toparyna “MAN RR3 19.440 EEV” kysymly awtobusyň açary gowşuryldy.

Halkara ylmy-amaly maslahatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýän ýaşlar sylaglanyldy.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda daşary ýurt guramalarynyň birnäçe güwänamalarynyň we şahadatnamalarynyň gowşuryş dabarasy geçirildi.

Şu ýylda aýratyn tapawutlanan ýaşlara penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sowgatlaryny, şahadatnamalaryny hem-de diplomlaryny gowşurmak dabarasy geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda 27-nji dekabrda öz işine başlan köpugurly sergi 30-njy dekabrda tamamlanar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022