Türkmenistanda her ýylky esasy rugsady bermegiň tertibi haýsylar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda her ýylky esasy rugsady bermegiň tertibi haýsylar?
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 87-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda her ýylky esasy rugsady bermegiň tertibi aşakdakylardan ybaratdyr:

1. Her ýylky esasy rugsat işgäre her ýyl berilmelidir. Her ýylky esasy rugsadyň başlanýan wagty hakynda iş beriji rugsadyň başlanmagyna azyndan on bäş gün galanda işgäri habarly etmelidir.

2. Işgär ilkinji işläp başlan ýyly üçin esasy rugsady almak hukugyna zähmet şertnamasynyň baglaşylan gününden başlap üznüksiz on bir aý işländen soň eýe bolýar.

3. On bir aý geçmese-de her ýylky esasy rugsat şu işgärlere olaryň islegi boýunça berilmelidir:

  • aýallara – göwreliligi we çaga dograndygy boýunça rugsadyň öň ýanynda ýa-da ondan soň;
  • maýyplygy bolan adamlara;
  • kämillik ýaşyna ýetmediklere;
  • iş beriji – fiziki şahs tarapyndan işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy, kärhananyň ýatyrylmagy ýa-da işiň bes edilmegi bilen baglanyşykly öňki iş ýerinden boşadylan işgäre;
  • işini esasy işi bilen utgaşdyryp işleýän işgäre – esasy iş ýeri boýunça her ýylky esasy rugsat bilen bir wagtda tölenilmeýän rugsat;
  • ýokarda durýan edaranyň buýrugy boýunça bir ministrligiň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaranyň ulgamynda başga işe geçirilen işgäre her ýylky esasy rugsat şol ulgamda hakyky işlän döwrüne laýyklykda berilýär.

4. Işiň ikinji we soňky ýyllary üçin her ýylky esasy rugsat kärhanada bellenilen rugsatlaryň tertipnamasyna laýyklykda berilýär.

5. Ähli görnüşlerdäki bilim edaralarynyň mugallymçylyk işgärlerine her ýyl berilýän esasy rugsat, kada görä, şol bilim edarasyna işe giren wagtyna garamazdan tomusky dynç alyş döwründe berilýär.

6. Tomusda ýa-da başga amatly wagtda her ýylky esasy rugsat şu aşakdakylaryň islegine görä berilmelidir:

  • on dört ýaşa çenli iki ýa-da köp çagasy (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagasy) bolan aýala;
  • on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara;
  • çagyryş boýunça harby gullukçynyň bir çagasy bolan aýalyna;
  • maýyplygy bolan adama;
  • kämillik ýaşyna ýetmedige;
  • üç ýaşa çenli çagalary ogullyga (gyzlyga) alan adama;
  • radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adama.

7. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna her ýylky esasy rugsadyň tomsuna ýa-da başga amatly wagtda berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär. 

Çeşme: Türkmenistanyň Zähmet kodeksi

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022