Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwary. Dubaý, BAE.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran (BAE) iş saparynyň çäklerinde anna güni “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybarat.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybarat bolup durýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-ne iş saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer hem-de Dubai Aviation Corporation” (“Flydubai”) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen aýratynlykda duşuşdy.

2022