2023: Bakudan üstaşyr daşalan nebitiň 17,4%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Bakudan üstaşyr daşalan nebitiň 17,4%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär
Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana welaýatynyň Jeýhan etrabyndaky Geýdar Aliýewiň adyny göterýän nebit guýujy terminal. (Surat: AA)

2023-nji ýylda Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,4 göterimi Türkmenistan bilen Gazagystanyň paýyna düşýär.

Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 5 million 240,7 müň tonna deň boldy.

Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 30 million 191,6 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,5 göterim ýokarydyr.

Degişli turbageçiriji arkaly 2023-nji ýylyň ýanwar - noýabr aýlarynda akdyrylan nebitiň umumy möçberiniň 17,3 göterimi ýa-da 4 million 780,8 müň tonnasy Türkmenistanyň we Gazagystanyň paýyna düşüpdi.

2022