Lebap welaýatynda gurluşyk hekini öndürýän seh gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda gurluşyk hekini öndürýän seh gurlar
Türkiýäniň Uşak welaýatynda ýerleşýän gurluşyk hekini öndürýän zawod. (Surat: usakkirec.com)

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk hekini öndürýän sehiň taslamasyny düzmek we dolulygyna gurmak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär. Bu bäsleşik “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çarşenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin oňa gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasy goşulan hem-de ýazmaça görnüşde ýazylan arza tabşyrylmaly.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 225 ABŞ dollary GBüS tölegi) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölemeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ferrosplawlary öndürýän zawodyň gurluşygy boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan etdi.

2022