“Global Gateway”: Dünýäni durnukly özgertmekde Ýewropa Komissiýasynyň başlangyjy

Merdan Jumaýew
“Global Gateway”: Dünýäni durnukly özgertmekde Ýewropa Komissiýasynyň başlangyjy
Türkmenistanyň wekiliýeti ''Global Gateway'' forumynda, 2023-nji ýylyň 25-26-njy oktýabry, Brýussel, Belgiýa.

Kuwwatly döwletler we halkara bileleşikleri dünýäni durnukly ösdürmek babatda ählumumy başlangyçlary öňe sürýärler hem-de kesgitlenen ugurlarda anyk wezipeleri durmuşa geçirmek üçin maýa serişdelerini gönükdirip, ýakyndan ýardam edýärler. Hytaýyň "Bir guşak, bir ýol" başlangyjy ýaly, Ýewropa Komissiýasynyň (ÝB) "Global Gateway" strategiýasy hem Bileleşigiň hyzmatdaş ýurtlarynyň infrastrukturalaryny özara baglanyşdyrmak, "ýaşyl" ösüşe we sanly ulgama geçişi çaltlandyrmak, ilatyň saglygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmak üçin hereketlendiriji gurallary goldamak, olara maýa goýumlary gönükdirmek arkaly ykdysady hem-de durmuş ösüşini gazanmagy maksat edinýär.

"Global Gateway" başlangyjy 2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sanlylaşdyrma, energetika, ulag, saglygy goraýyş, bilim we ylmy agtaryşlar ýaly ugurlarda ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, howpsuz we ygtybarly global arabaglanyşyklary ösdürmek üçin Ýewropanyň Komissiýasynyň täze strategiýasy hökmünde işe girizildi. Bu strategiýada ÝB-niň ileri tutýan garaýyşlaryna we gymmatlyklaryna laýyk gelýän durmuş we daşky gurşaw ölçeglerine hormat goýmak, kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklarynyň üpjün edilmegi, halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi ýaly ugurlar hem goldanylýar. Has dogrusy, bu ählumumy strategiýada şu 6 ýörelgeden ugur alynýar: demokratik gymmatlyklar we ýokary ölçegler; netijeli dolandyryş we açyklyk; deň hukukly hyzmatdaşlyk; "ýaşyl" we arassa ösüş; howpsuzlygy ugur edinmeklik; hususy düzümi goldamak.

"Global Gateway" strategiýasy sanlylaşdyrmak (açyk we howpsuz internet), howa we energetika (arassa energetika geçişi maýa goýumlar arkaly goldamak), ulag ("ýaşyl", döwrebap we howpsuz ulag ulgamyny goldamak), saglyk (üpjünçilik zynjyrlarynyň we ýerli sanjym öndürijileriň işini pugtalandyrmak), bilim we ylmy barlaglar (ýokary hilli bilim almakda, esasan-da, zenanlary goldamak) ulgamlarynda hyzmatdaş ýurtlaryň öňegidişlikleri gazanmaklaryny goldaýar we maýa serişdelerini gönükdirýär. Ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ýewropa Topary degişli ugurlara 2021 - 2027-nji ýyllarda 300 milliard ýewrodan gowrak maliýe serişdesini gönükdirer. Bu Toparyň düzümine Ýewropa Bileleşigi, oňa agza döwletler, şol sanda Ýewropa Maýa goýum banky (EIB), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (EBRD) ýaly ýerine ýetiriji agentlikler we ösüş banklary girýär.

Geçen ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Birinji "Global Gateway" forumy geçirildi. Oňa 40-dan gowrak ýokary derejeli Hökümet wekilleri, maliýe düzümleri we işewürleri gatnaşdylar. Olar dünýäniň maýa goýum zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşyp, täze başlangyçlary işe girizdiler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrdylar. Onuň işine maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumda eden çykyşynda ol Türkmenistanyň infrastrukturasynyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki ösüşi barada gürrüň bermek bilen, sebitara baglanyşygy, energiýa howpsuzlygyny berkitmek üçin ýurduň ulag we energetika ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda halkara taslamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna gyzyklanmalary barha artýar. Şunda sebit ýurtlarynyň, hususan-da, ulag we energetika babatda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýakyn wagtda, ýagny 29-30-njy ýanwarda Brýussel şäherinde "Global Gateway" başlangyjynyň çäklerinde Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumy geçiriler. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Merdan Jumaýew

Türkmenistanyň Milli ykdysadyýeti boýunça hünärmeni

 

2022