Türkmenistanda jemi 454 müň inedördül metr bolan jaýlar ulanmaga berildi

TDH
Türkmenistanda jemi 454 müň inedördül metr bolan jaýlar ulanmaga berildi
Türkmenistanda alnyp barylýan gurluşyk işlerinden bir pursat

Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk pudagynyň hem durnukly ösýändigini aýdyň görkezdi. Ýanwar — iýun aýlarynda gurluşykda jemi içerki önümiň ösüşiniň iň ýokary görkezijileriniň birine, ýagny 9,3 göterime ýetildi. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalaryň döredilendigi, köp sanly senagat desgalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Mälim bolşy ýaly, gurluşyk-senagat toplumyny netijeli ösdürmek iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Diňe şu ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 454 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Şeýle hem senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Ýylyň birinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesini gurmak hakynda iki sany Karara gol çekdi.

Paýtagtymyzy ösdürmek, uzak möhletleýin geljegi hasaba almak bilen, onuň düzümleýin esasyny kämilleşdirmek şähergurluşyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi her ýyl täze binalardyr desgalar bilen has-da gözelleşýär. Olar Türkmenistanyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, şäheriň ulag-kommunikasiýa, inženerçilik-tehniki we ugurdaş düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak, olary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap ýollar, pyýadalar üçin ýodalar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler, duralgalar, ýol aýrytlary, köprüler ulanmaga berlip, täzeleriniň gurluşyklary dowam edýär. Paýtagtymyzyň barha özgerýän häzirki keşbinde Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, halkymyzyň baý taryhy, medeni däp-dessurlary öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň sebitleri hem hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Olaryň toplumlaýyn ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde we obalarda ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy, ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz welaýatlara iş saparlaryny amala aşyryp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça giň gerimli özgertmeleriň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanyşýar. Bu gün ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Watanymyzyň iň çetki künjeklerinde-de durmuş maksatly binagärlik toplumlary, edara binalary, durmuş düzüminiň dürli desgalary, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar gurulýar hem-de önümçilikler döredilýär. Bularyň ählisi adamlar baradaky aladany, her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy özenini düzýändigini görkezýär.

Ýurdumyzda bildirilýän talaplara laýyklykda, desgalaryň gurluşygynda we bezeginde diňe ýokary hilli serişdeleriň ulanylýandygyny bellemek gerek. Bu serişdeler saýlanyp alnanda ýerli howa şertleri, ekologik talaplara laýyklygy, berkligi, ulanylyşynyň amatlylygy hökmany ýagdaý hökmünde göz öňünde tutulýar. Senagatlaşmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek ýoluny saýlap alan döwletimiz bu ugurda yzygiderli çäreleri amala aşyryp, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Içerki bazaryň hemmetaraplaýyn artýan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak maksady bilen, pudaklaýyn kärhanalarda dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu kärhanalarda berkligi, seýsmiki ýagdaýlara durnuklylygy, ulanylyşynyň amatlylygy bilen tapawutlanýan diwar panelleri, armatur bloklary, sement, kerpiç, keramzit, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal düzümleri, demirbeton önümleri we beýlekiler öndürilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, pudagyň çig mal binýadyny giňeltmek üçin zerur bolan gazylyp alynýan magdanlaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik gözlegler işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeliligi önümçilik toplumynyň kuwwatynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän senagat önümleriniň möçberiniň artdyrylmagyna, görnüşleriniň giňeldilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan göz öňünde tutulan meýilnama 107,8 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 880 million manada deň boldy. Geçen alty aýda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň mümkinçiligi her ýylda 1 million tonna sement öndürmäge deň bolan ikinji tapgyrlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky aýgytly ädim boldy. Olaryň gurluşygynda önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna we ähli zerur kadalaryň üpjün edilmegine aýratyn üns berlendigi bellärliklidir. Çünki şunda daşky gurşawy goramak hökmany şertleriň biri bolup durýar. Senagat düzüminiň täze desgalarynyň açylmagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalary boldy.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň önümçilik düzüminiň esasy bölegini emele getirýän ýokary hilli sement önümlerini öndürip başlamak bilen, bu iri senagat kärhanalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ösüşe eýe bolan giň gerimli gurluşyk işleriniň ýokary depginini üpjün eder. Şeýlelikde, gurluşyk pudagyna yzygiderli gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleri şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere eýe bolýandygyny şertlendirýär hem-de uly peýda getirýär.

Bu gün Türkmenistan durmuşa geçirilýän taslamalaryň giň gerimliligi bilen haýran galdyrýan ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Şunda Arkadag şäherini mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan “akylly” şäheriň gurluşygy tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Olaryň gurluşygyna hususy kärhanalar — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary işjeň çekildi. Gurluşyk pudagynyň telekeçilik işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň birine öwrülendigini bellemek gerek. Toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar.

Häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we täsin binagärlik çözgütlerini özünde jemleýän, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täzeçil şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edildi hem-de halkara sylaglaryň 20-den gowragyna mynasyp boldy. Täze nusgadaky şäheriň taslamalaryny taýýarlamak işlerine ýaşlaryň işjeň çekilendigini hem nygtamak gerek. “Akylly” şäheriň uly gyzyklanma döredýän binagärlik çözgütleri, onuň sanly platformasynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini, täzeçil pikirlerini we tekliplerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin özboluşly mekdebe öwrüldi. Munuň özi dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek arkaly Türkmenistanda taýýar innowasiýalary diňe daşyndan getirmän, eýsem, ylmy-tehnologik, intellektual mümkinçiliklere esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulyny işläp taýýarlamagyň baş maksat hökmünde kesgitlenendigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän ähli desgalaryň esasy aýratynlyklarynyň biri-de olaryň binagärligiň gadymdan gelýän milli däplerini we şähergurluşyk ýörelgeleriniň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýänligindedir. Bu bolsa döwletimiziň gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerini, dünýäniň iň gowy işläp taýýarlamalaryny üstünlikli utgaşdyrmak arkaly döwür bilen aýakdaş ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda geçirilýän halkara forumlar daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şu ýylyň iýun aýynyň başynda Aşgabatda «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar diňe bir kökleri köp asyrlara uzaýan şöhratly taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyp keşbi bilen hem ünsi özüne çekýän Türkmenistanyň häzirki ösüşlerine bolan çuňňur buýsanjyny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýän ak mermerli Aşgabat, Watanymyzyň yzygiderli artýan kuwwatynyň, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Forumda amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmegiň, binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmagyň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly geçirilen maslahatlaşmalaryň dowamynda öňe sürlen meseleler uly gyzyklanma döretdi.

Umuman, Türkmenistan durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegi we halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagy baş maksat edinýän döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk-senagat toplumynyň ähmiýetli ornuny hemmetaraplaýyn ykrar etmek bilen, bu meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn we ýokary jogapkärçilikli çemeleşýär.

 

Çeşme: TDH

2022
ENG TM РУС