Türkmen kompaniýalary Kerkide 165 sany ýaşaýyş jaýyny gurýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalary Kerkide 165 sany ýaşaýyş jaýyny gurýarlar
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde açylyp ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2022-nji ýylyň 26-njy sentýabry, Türkmenistan.

Türkmenistanyň “Pisseli”, “Arzuwly ugur”, “Paýhasly ýörelge” we “Syrly sandyk” ýaly hususy gurluşyk kärhanalary bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 165-siniň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýarlar.

Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň demirgazyk böleginde emele gelýän ýaşaýyş jaý toplumyndaky jaýlar döwletden alynýan 30 ýyllyk möhletli karzlaryň hasabyna gurulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda Kerki şäherinde gurulýan bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň 72-sinde gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Şeýle hem şu ýylyň 24-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň işgärleri üçin Türkmenabat şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022