Mary welaýatynda 42 sany kottej jaýy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary welaýatynda 42 sany kottej jaýy açyldy
Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumyndaky 42 sany täze kottej jaýynyň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 25-nji ýanwary, Türkmenistan.

Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenen 42 sany kottej jaýy açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda gurlan 2 gatly, dört otagly döwrebap kottej jaýlarynyň açylşynda Mary welaýatynyň meşhur aýdymçylarynyň, bagşy sazandalarynyň, folklor tans we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň Lebap welaýatyndaky işgärleriniň 48-sine niýetlenilen hem-de 3-4 otagdan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna daşary ýurtlardan täze ulaglaryň 20-si gelip gowuşdy.

Lebap welaýatynyň gümrükçiler şanly senäniň öňüsyrasynda “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulaglaryň 10-syny, “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobuslaryň 5-sini we “Isuzu” kysymly suw çekiji ulaglaryň 5-sini sowgat aldylar.

2022