2024: Türkmenistanda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 49-sy ulanylmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
2024: Türkmenistanda önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 49-sy ulanylmaga berler
Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2024-nji ýylda iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 49-synyň ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň berýän habaryna görä, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalar we desgalar barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň sanawyny düzmek boýunça degişli işleriň geçirilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022