Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 3-nji fewralynda 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gyrgyzystana iberildi.
Gyrgyzystanyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlar nazara alnyp, bu ynsanperwerlik ýüki Türkmenabadyň demir ýol menzilinden dostlukly ýurda ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyzystana muzdsuz ibermäge borçly edildi.
Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň esasy inženeri Ahmet Babakulow Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýruga gol çeken pursatlaryndan dessin işe girişendiklerini, şunlukda, gysga wagtyň dowamynda 2 müň tonna suwuklandyrylan gazyň Gyrgyzystana ugratmak üçin taýýar edilendigini aýtdy.
Gyrgyzystanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, suwuklandyrylan gaz ýüklenilen otly Gyrgyzystanyň Şopokow şäheriniň demir ýol menziline duşenbe güni baryp gowuşdy. Dabara Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Göliýew, Gyrgyzystanyň Energetika ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, "Gyrgyztransneftegaz" döwlet kärhanasynyň, "NK Kyrgyz temir žolu" edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.