Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2022-nji ýylyň 21-nji iýuly, Çolpan-Ata, Gyrgyzystan. (Surat: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany dostlukly ýurduň Lideri bilen mähirli salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi.

Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi we ilkinjileriň hatarynda kömek eden Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Gyrgyzystanda ýokary baha berýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we açyklygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi.

Gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Sadyr Žaparow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, Türkmenabadyň demir ýol menzilinden 2024-nji ýylyň 3-nji fewralynda 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz ynsanperwerlik kömegi hökmünde Gyrgyzystana iberildi.

2022