Geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we ABŞ-nyň Prezidentiniň gatnaşmagynda “C5+1” formatynda geçirilen sammitiň dowamynda Prezident Jo Baýden we Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Liderleri tarapyndan yglan edilen seýrek minerallar boýunça “C5+1” (CMD) görnüşli hyzmatdaşlygyň ilkinji mejlisi geçirildi. Onuň esasy maksady gazylyp alynýan seýrek we peýdaly magdan baýlyklary boýunça ählumumy üpjünçilik zynjyryna gatnaşmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmakdan, arassa energetika geçişi ilerletmekden hem-de Merkezi Aziýanyň ekoulgamyny goramakdan ybarat boldy.
ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat beýanatynda habar berilmegine görä, mejlis penşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Hose Fernandeziň başlyklygynda we Döwlet sekretarynyň kömekçisi Jeffri Paýettiň utgaşdyrmagynda geçirildi.
ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň anna güni çap eden metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu çäre ekologiýa we durmuş ölçeglerine doly derejede eýermek arkaly peýdaly hem-de seýrek magdanlar pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri ösdürmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallaryny görkezmek bilen olaryň Hökümetleriniň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.
Duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň her biri peýdaly we seýrek magdanlar pudagynda umumy maksatlara ýetmek üçin bilelikde işlemegiň özara bähbitlidigini nygtadylar. Bu maksatlar ýurtlaryň halklaryna peýda getirmegi üçin bazarlary diwersifikasiýalaşdyrmagy we tehnologiýalary ösdürmegi öz içine alýar.
Mejlis hyzmatdaşlyk we maýa goýum mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýän peýdaly magdanlary gazyp almakda howpsuzlyk, ählumumy infrastruktura hem-de maýa goýum boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri bilen hem utgaşdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Toronto şäherinde ýerleşýän Kanadanyň Geologiýa barlagçylar we işewürler birleşiginiň (Prospectors & Developers Association of Canada) öňde boljak Dag magdan we geologiýa barlag işleri baradaky Konwensiýasyny taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryna hoşallyk bildirdi. ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň mälim etmegine görä, bu toplumlaýyn tagallalar “C5+1” görnüşli hyzmatdaşlygyň çäklerinde milli utgaşdyryjylaryň arasynda dowam etdirilýän özara gatnaşyklary, hyzmatdaşlyk we maýa goýum mümkinçilikleri artdyrmagy maksat edinýär.