Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň täze prokuroryny wezipä belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň täze prokuroryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirýär, 2024-nji ýylyň 14-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň täze prokuroryny wezipä bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Permana laýyklykda, Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarow bellenildi.

Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarow Aşgabat şäheriniň täze prokurory wezipesine bellenilmezden ozal Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurtda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

2022