Fewral III hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $44,5 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fewral III hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $44,5 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 44 million 563 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny we polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürt kislotasyny, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 220 million 162 müň manatdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022