Çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçirilen söwdalaşyklarda bahasy 135 million manada barabar bolan “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny we garyşyk parafin gaçyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşdyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalaşyklarynda ýerlenilen önümler “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynda öndürilendir.
Ýerli telekeçiler şeýle hem 30 müň 623 manatlyk el halylaryny satyn aldylar.
Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 1 million 320 müň manada deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň çarşenbe günündäki söwdalaşyklarynda jemi 30 geleşik baglaşyldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.