2023: Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $563 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
2023: Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $563 milliondan geçdi
Ýük awtoulaglary Türkmenistanyň çäginden geçýärler.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 563,06 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarydyr. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika býurosy penşenbe güni habar berdi. 

Hasabat döwründe Gazagystan 165,88 million ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen önümlerini import etdi we bu görkeziji 2022-nji ýylyň bilen deňeşdirilende 68 göterim köpdir (98,33 million ABŞ dollary).

Şeýle hem geçen ýyl Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 397,178 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17 göterim (340,35 million ABŞ dollary) artdy.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 72 göterim ýokarlandy we 438 million ABŞ dollaryna golaýlady.

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň mart aýy ýagdaýyna gazak kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 53 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy.

2022