Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de onuň doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
“Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmeginde we ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýärin” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu şanly gün mynasybetli Imperator Naruhito tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ýaponiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.