Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän çärelerden bir pursat

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji marty aralygynda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürlik maslahatyny geçirmek barada Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Aşgabat şäherinde owgan harytlarynyň sergisini we türkmen-owgan işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bu çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň söwda we senagat ministri Nuretdin Aziziň arasynda şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Kabul şäherinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleri bilen tanyşdyrmak üçin platforma bolup hyzmat etjek sergi guramagy ara alyp maslahatlaşdylar

2022