Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow bilen Owganystanyň söwda we senagat ministri Nuretdin Aziziň arasynda şenbe güni Kabul şäherinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleri bilen tanyşdyrmak üçin platforma bolup hyzmat etjek sergi guramagy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Bakhtar” agentligi habar berdi.
Ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu sergi owgan kärhanalaryna öz önümlerini görkezmäge we Türkmenistanyň bazarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreder.
Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin Ýol kartasyny taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem taraplar Owganystanyň Türkmenistana eksportyny ýokarlandyrmak üçin ygrarlydyklaryny tassykladylar we iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygyny ýokarlandyrmak strategiýalaryny maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Owganystandan mermeri import etmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar owgan we türkmen telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygy saklamaga ýardam berjek ikitaraplaýyn söwda duşuşyklaryny geçirmegi ylalaşdylar.
“TOLO news” agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 481 million ABŞ dollaryna barabar boldy.