Ahal welaýatynyň çäginde täze lagym arassalaýjy desga ulanmaga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň çäginde täze lagym arassalaýjy desga ulanmaga berildi
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň çäginde lagym arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy, 2024-nji 28-nji fewraly, Türkmenistan.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal geňeşliginiň çäginde çarşenbe güni lagym arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu desganyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, ýaşulylar we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, lagym arassalaýjy täze desganyň kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga deňdir.

Täze desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy tarapyndan ýokary talaplara laýyklykda ýerine ýetirildi.

Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda gurlan täze desganyň çäginde edara binasy, hlor öndürme, filtleri dolandyryş, lagym suwuny aýyrma, suw arassalaýjy, barlaghana, kompressor we transformator binalary, arassalanan suw hem-de hlor bilen garyşdyrma rezerwuarlary, ýuwuş suwunyň nasos bekedi, ussahana, ammar, şeýle-de degişli howuzlardyr meýdançalar bar.

2022