TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliona golaýlady
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 15 million 349 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 9 million 38 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), çüýşe gaplary hem-de el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022