Türkmen-owgan işewürlik forumy: serhetüsti suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak meselelerine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-owgan işewürlik forumy: serhetüsti suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak meselelerine garaldy
Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň türkmen-owgan işewürlik forumynda eden çykyşy, 2024-nji ýylyň 4-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde duşenbe güni geçirilen türkmen-owgan işewürlik forumynda suw çeşmelerini, şol sanda serhetüsti suwlary ulanmak meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, forumda sebitiň suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça taraplaryň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri beýan edildi.

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi öz çykyşynda serhetüsti suw çeşmelerinden peýdalanmakda we suw desgalarynyň gurluşygynda Kabulyň goňşy ýurtlar, hususan-da, köp ýyl bäri Owganystan bilen dostlukly we oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap gelýän Türkmenistan bilen özara razylyk, deňhukuklylyk we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanjakdygyny nygtady.

Şeýle hem türkmen-owgan işewürlik forumynyň dowamynda Türkmenistanyň Owganystan bilen agrosenagat toplumy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyna, bu ugurda ileri tutulýan pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmaga taýýardygy bellenildi.

Alhaj Nuruddin Azizi iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi barada çykyş etdi. Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji öz çykyşynda owgan telekeçileriniň Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek isleýändigini aýtdy. Şeýle hem forumda owgan işewür toparlarynyň haryt dolanyşygyny artdyrmak, Owganystanyň infrastrukturasyny bilelikde ösdürmek, harytlaryny beýleki sebitlere ibermek üçin üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şeýle hem türkmen önümlerini Owganystandan üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek isleýändikleri beýan edildi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda 4-nji martda türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Bu çärelere gatnaşmak üçin Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Aşgabada geldi. Owganystanyň wekiliýetiniň düzümine 300-den gowrak döwlet edaralarynyň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň we banklaryň, şeýle hem 170-e golaý kompaniýalaryň we kärhanalaryň wekilleri girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022