“Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy” Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 18-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşini döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen kabul edildi.

Resminama laýyklykda, “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Şu ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022