Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň ýörite edaralary bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň DIM-i BMG-niň ýörite edaralary bilen resminamalar toplumyna gol çekdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 18-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan.

Şu ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýekşenbe güni habar berdi.

Gol çekilen esasy resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda dürli döwlet edaralary, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri bilen iş meýilnamalaryna gol çekildi.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleri hem-de Döwlet gümrük gullugynyň arasynda taslama resminamalara üýtgetmeler girizildi.

Şeýle-de çärede BMG-niň Ösüş maksatnamasyň we Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda, hususan-da, maliýe hasaplaryny işläp düzmek, ulag we daşary söwda ulgamlarynyň statistiki maglumatyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly hyzmatdaşlyk taslamalaryna gol çekildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanda Bedenterbiýe we sporty ösdürmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen 2024-2025-nji ýyl üç bilelikdäki iş meýilnamasyna gol çekildi.

2022