Mart I hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $109,6 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mart I hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $109,6 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 109 million 641 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy duşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dürli kysymly awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, el halylary, jins we boýalan tüýjümek önümler, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, arassalanan nah galyndylary ýerlenildi.

Mundan başga-da, türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 318 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we garylan parafin galyndysyny, float aýnasyny, aýna gaplary, el halylaryny, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi we nah matalary satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022