Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “TRT Haber” teleýaýlymyna interwýu berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “TRT Haber” teleýaýlymyna interwýu berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň “TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmeziň arasynda geçirilen söhbetdeşlik, 2024-nji ýylyň 11-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň “TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez bilen söhbetdeş boldy we interwýu berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ahmet Görmez interwýu bermäge wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi. “Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?” diýip, türkmen halkynyň Milli Liderine ýüzlendi.

“Türki döwletleriň köpugurly hyzmatdaşlygy taryhy şertler bilen baglydyr. Munuň biziň halklarymyzyň dil, medeni we milli taýdan umumylygy, asyrlaryň dowamynda ykballarynyň baglanyşykly bolandygy bilen kesgitlenendigini men ençeme gezek belläpdim. Türki halklaryň asly birdir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan üçin türki döwletler bilen dost-doganlyk, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň örän möhüm bolan geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýandygyny we ýurduň Türki Döwletleriň Guramasynda synçy bolmak bilen, onuň işine ýakyndan gatnaşýandygyny nygtady.

Şeýle hem, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň guramanyň düzümleri bilen işleşmäge taýýardygyny we häzirki döwürde türkmen tarapynyň Türki söwda-senagat edarasyna girmek üçin arza berendigini hem-de Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna we Türki akademiýa girmek meselesini-de öwrenýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan Türki Döwletleriň Guramasynyň halkara gatnaşyklaryň häzirki ulgamyndaky ornuny nähili görýändigi barada pikirini beýan etmeklik haýyş edildi.

“Men ony bir bitewi iki maksady bolan gurama hasaplaýaryn. Bir tarapdan, ony türki ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýän gurama, beýleki bir tarapdan bolsa, geljegi uly, ygtybarly iri halkara hyzmatdaş hökmünde görýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Mundan başga-da, interwýunyň barşynda “TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowdan Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň düzüminiň esasy maksadyny nämede görýändigi, Türkmenistanyň durmuşyndaky häzirki tapgyry nähili häsiýetlendirýändigi barada gyzyklandy. Şeýle hem Ahmet Görmez Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary barada hem gysgaça belläp geçmegi haýyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň düzüminiň esasy maksadynyň türki halklaryň taryhy däbini — ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşmak, olaryň pähim-paýhasyna, uly durmuş tejribesine daýanmak däbini dowam etdirmek we ony ýaýmak bolup durýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň daşary syýasatda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini, halkara düzümlerde birek-biregi goldaýandyklaryny hem-de ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda “TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa interwýu üçin hoşallygyny bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022