Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi, 2024-nji ýylyň 12-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sişenbe güni Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň başynda mejlise gatnaşyjylara TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşmak çakylygyny kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi we olary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet möçberinde oýlanyşykly, uzakdan görüji çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow energetika barada aýtmak bilen türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana we Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny we Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de kömek bermäge taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip boljakdygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda aksakgallar özara gyzyklanma bildirilýän has möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Ýaşulular ylmy hyzmatdaşlygy, akademiki barlaglary ösdürmek hem-de bilelikdäki halkara maslahatlary geçirmek arkaly türki dünýäniň taryhyny mundan beýläk-de wagyz etmäge aýratyn üns berdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda Beýanat kabul edildi.

2022