Lebap welaýatyna täze awtobuslaryň 200-e golaýy gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatyna täze awtobuslaryň 200-e golaýy gelip gowuşdy
Raýatlar Lebap welaýatyna gelip gowşan täze awtobus bilen tanyşýarlar, 2024-nji ýylyň 13-nji marty, Türkmenistan.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine “Toyota Coaster” kysymly orta synply täze awtobuslaryň 170 sanysy, “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobuslaryň hem 20-si gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, awtobuslaryň garşylanyş dabarasyna gatnaşyjylar täze awtobuslaryň mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar.

Täze awtobuslary kabul eden “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň işgärleri netijeli işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş aýtdylar.

Täze ulaglar welaýatynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäher içi, şäher ýaka we şäher ara ugurlar boýunça gatnatmak üçin niýetlenendir.

Habarda bellenilişi ýaly, awtobuslarynyň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022