Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy enjamlary öndürýän kärhana döretmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy enjamlary öndürýän kärhana döretmek meýilleşdirilýär
Üznüksiz elektrik üpjünçiligini öndürmekde ýöriteleşen "Ippon" zawodynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat, 2023-nji ýylyň iýun aýy, Şençžen, Hytaý (Surat: 3dnews.ru)

Türkmenistanda elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.

Täze hojalyk jemgyýetini Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň we “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmagynda döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer döredilmegi meýilleşdirilýän bu täze önümçiligiň ýurdy senagatlaşdyrmaga goşant goşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurt üçin möhüm bolan elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary ýurduň içinde öndürmek işini ýola goýmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda dörediljek bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

2022