Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Lýuksemburgyň Wise-premýeri, daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Bettel hem-de Belgiýanyň daşary işler ministri Hadja Lahbib bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Ksawýe Bettel bilen geçirilen duşuşykda taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy.
Hadja Lahbib bilen Raşid Meredowyň arasynda geçirilen duşuşykda syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gyzyklanmalary bildirdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrýar.