Aşgabatda “Merkezi Aziýa–ÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Merkezi Aziýa–ÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekmek dabarasy, 2024-nji ýylyň 18-nji marty, Brýussel, Belgiýa

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Wise-premýer mejlisiň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna hem-de Italiýa iş saparlarynyň netijeleri boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Raşid Meredow parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramagy, ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramagy, energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigi bilen ýurduň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky utgaşdyryjy platformany döretmegiň üstünde işlemek teklibini beýan etdi.

Mejlisiň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany işläp taýýarlamak; şu ýylyň iýunynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň mejlisini Aşgabatda geçirmek, Türkmenistanyň Halkara oba hojalyk ösüş gaznasyna (IFAD) agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmek teklip edildi.

Mundan başga-da, Raşid Meredow Rim şäheriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Rimde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini ebedileşdirmegiň, 2025-nji ýylda “Kapitoliý” muzeý toplumynda Türkmenistanyň arheologik sergisini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Sergini guramakda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Rim şäheriniň häkimliginiň arasynda degişli resminama gol çekildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen gepleşikleriň özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge ýardam bermelidigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

2022