Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda çarşenbe güni täze metjit açyldy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze metjitde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurduň müftüsi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary, hormatly ýaşulular garşyladylar.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň müftüsine ýurduň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň adyndan täze metjidiň hyzmatlary üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mukaddes Oraza aýynyň sogaply gününde Änew şäherindäki täze metjitde agzaçar sadakasynyň berilýändigini aýdyp, türkmen halkynda ýol çekmegiň, köpri, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, täze metjidi ata-babalara we geçmiş mirasa sarpa goýmak, şeýle hem taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetleri hormatlamak bilen, “Seýit Jemaleddin metjidi” diýip atlandyrylmagyny nähili görýändikleri bilen gyzyklandy.
Agzaçar sadakasyna gatnaşýan ýaşulular türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren teklibini tüýs ýürekden makulladylar we goldadylar.
Täze metjidiň umumy meýdany 6 gektara barabar bolup, onda bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 50 metre ýetýär. Gümmeziniň beýikligi bolsa 30 metre deň bolup, ol bir aýyň gün sanyny aňladýar. Uly gümmeziň gyrasynda 24 penjire bolup, ol bir gije-gündizi alamatlandyrýar. Şeýle hem metjitde 500 orunlyk sadaka jaýy ýerleşdirilipdir.