Türkmenistanyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” “Damen Shipyards Group” kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda “Damen CSD 650” kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ýygnap başlar. Bu barada “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” anna güni habar berdi.
“Damen CSD 650” kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ýygnamaklyk “Söwda Gurluşyk Maslahat” hojalyk jemgyýetiniň sargydy bilen amala aşyrylýar.
“Balkan” zawodynyň Baş direktorynyň orunbasary bu taslama taýýarlyk görmek üçin ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň Nijerkerk şäherinde iş saparynda boldy we şol ýerde deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň synag işlerine gatnaşdy.
Zawodyň Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygynda iş sapary wagtynda “Damen Shipyards Group” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy “Damen” gäminiň gurluşygyny bilelikde alyp barmak, ýagny lokalizasiýa döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, “Damen CSD 650” kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň “Balkan” zawodynda ýygnalmagy, Türkmenistanda “Damen” deňziň düýbüni çuňaldyjy gäminiň önümçiligini lokalizasiýalaşdyrmak ugrundaky ilkinji ädim bolar. Bu diňe bir satyn almak üçin çykdajylary azaltmak bilen çäklenmän, täze iş ýerleri döreder, şeýle hem gämi gurluşyk pudagyndaky türkmen hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrar.
Mundan başga-da, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň” Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça dünýä lideri bolan “Royal IHC” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.