Türkmenabat şäherinde penşenbe güni ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm waka bolan türkmen-özbek ikinji sebitara forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Özbek harytlarynyň milli sergisiniň çäklerinde guralan foruma işewürligiň we maliýe düzümleriniň öňdebaryjy wekilleri we iki ýurduň sebitleriniň häkimleri gatnaşdylar.
Özbek wekiliýetiniň bellemegine görä, şeýle görnüşdäki forum işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp şertleri döredýär hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýar.
Foruma gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigini we telekçiler üçin özara ýeňillikleri döretmäge şertleriň döredýändigini bellediler.
Serhetýaka söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, özara maýa goýumlary artdyrmak we bilelikdäki taslamalary işe girizmek boýunça amaly gepleşikler toplumy forumyň esasy netijesi boldy.
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Made in Uzbekistan” atly serginiň açylyş dabarasy geçirilipdi.