Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy
Türkmenbaşy halkara deňiz portunda eksporta ugradylýan karbamid daşalýar, Balkan welaýaty, Türkmenistan.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 475 müň ABŞ dollaryna barabar bolan “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Owganystanly telekeçi Jet A-1 kysymly awiakerosini satyn almak boýunça geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy bahasy 1 million 159 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň işewürleri jemi bahasy 3 million 381 müň 755,55 ABŞ dollaryna barabar bolan ýekegat kardly agardylmadyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Mundan başga-da, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin TPP D 30 S kysymly polipropileni, türkmen el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 409 müň 788 manatdan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022