Türkmenistan Milanda geçiriljek 24-nji “Triennale Milano” halkara sergisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Milanda geçiriljek 24-nji “Triennale Milano” halkara sergisine gatnaşar
“Triennale Milano”, DSL studiýasy, Italiýa

Türkmenistan Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek “Triennale Milano” atly 24-nji halkara sergisine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy duşenbe güni habar berdi.

“Triennale Milano” 24-nji halkara sergisi 2025-nji ýylyň 17-nji maýyndan 16-njy noýabry aralygynda Milan şäherinde geçiriler.

Bezeg sungaty we häzirki zaman binagärligi temasyny öz içine alýan bu halkara sergisiniň geçirilmegi Halkara sergiler býurosynyň 173-nji mejlisinde makullanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Triennale Milano” 24-nji halkara sergisine gyzyklanma bildirýän döwlet we hususy guramalaryna oňa gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.

23-nji “Triennale Milano” halkara sergisi 2022-nji ýylyň 15-nji iýulyndan 11-nji dekabry aralygynda Milan şäherinde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022