Türkmenistan bilen Täjigistan birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Täjigistan birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 4-nji apreli, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Duşenbe şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde penşenbe güni Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ikitaraplaýyn resminamalar Türkmenistanyň we Täjigistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda, giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edildi.

Gol çekilen resminamalar şulardan ybarat:

  • “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy”; 
  • “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugynyň işgärleriniň hünärini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlaýyş merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk”;
  • “Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Binagärlik we gurluşyk boýunça komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk”; 
  • “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama”;
  • “Arkadag we Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Arkadag şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň (Sugt oblasty, Täjigistan Respublikasy) arasynda Ylalaşyk”. 

Habarda bellenilişi ýaly, Duşenbe şäherinde geçirilen türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly mümkinçilik berer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022