Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
“Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Erik Stýuart ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýandygyny we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

Işewür bildirilen ynam we many-mazmunly söhbetdeşlik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart köpýyllyk oňyn tejribä daýanýan ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022