Türkmen gazyny Özbegistandan üstaşyr Täjigistana ibermek teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen gazyny Özbegistandan üstaşyr Täjigistana ibermek teklip edildi
"Türkmengaz" döwlet konserniniň hünärmenleriniň alnyp barylýan işlere gözögçilik edýän pursady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Duşenbede Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana ibermegi teklip etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda Türkmenistanyň tejribesiniň bardygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň şeýle gatnaşyklary dikeltmäge we ony yzygiderli esasda amala aşyrmaga, elektrik energiýasyny, tebigy gazy ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Habarda bellenilişi ýaly, zerur bolan halatynda, özbek tarapynyň bilermenleriniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygy guramak maksadalaýyk hasaplanýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň türkmen nebit önümlerini ibermek ulgamynda Täjigistan bilen gatnaşyk edýändigi we täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberini artdyrmaga hem taýýardygy nygtaldy.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň ugry boýunça gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garamagy we bu meseläni iki ýurduň hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň we telekeçileriniň gatnaşmagynda durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Kohir Rasulzoda iki ýurduň arasyndaky deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň abadançylygynyň bähbidine geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022