Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň medeniýet merkezinde penşenbe güni kalligrafiýa sungatynyň, altyn çaýmak, ýagny bezeg bermek sungatynyň we Gurhan kitabynyň sergisi açyldy.
Eýranyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesiniň müdiri we ol birleşmäniň käbir agzalary, Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, ilçihananyň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkezi tarapyndan guralan bu sergide Eýrandan gelen iki sany hünärmeniň, ýagny Hadi Seýedhaniniň kalligrafiýa sungatynyň eserleri we Fatemeh Pärästände Hiýalyň altyn çaýmak we bezeg bermek boýunça eserleri görkezilýär.
Serginiň açylyş dabarasynda Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli şu ýylky geçirilýän serginiň Eýrandan gelen hünärmenleriň gatnaşmagy we olaryň ussatlyk sapaklaryny geçirilmegi bilen tapawutlanýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň suratkeşler birleşmesiniň müdiri Çarymyrat Ýazmyradow dabara gatnaşmak üçin iberilen çakylyga minnetdarlyk bildirdi we Eýranyň hem-de Türkmenistanyň nakgaşlarynyň bilelikdäki sergisiniň Eýranda geçirilmegine umyt edýändigini aýtdy.
Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet Merkezinde geçirilýän sergi we ussatlyk sapagy şu ýylyň 7- nji apreline çenli dört gün dowam eder.