“SITEX 2024”: Türkmen telekeçileri dokma senagatynyň halkara sergisine çagyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“SITEX 2024”: Türkmen telekeçileri dokma senagatynyň halkara sergisine çagyrylýar
“SITEX 2023” dokma senagatynyň halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 4-7-nji iýuny, Yspyhan, Eýran (Surat: isfahansitex.ir)

Türkmenistanyň telekeçileri Eýranda geçiriljek “SITEX 2024” dokma senagatynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.

Sergi şu ýylyň 4–7-nji iýuly aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde halkara sergi merkezinde guralar.

“SITEX 2024” halkara sergisi dokma pudagy üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, ol dokma pudagyndaky täzelikler bilen tanyşmaga we işewürligi has-da gowulandyrmaga, şeýle hem bar bolan müşderiler bilen duşuşmaga mümkinçilik döredýär.

Bu sergä gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsullygyna ýüz tutup bilerler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022