Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
“Türkmenbaşynyň ruhy metjidi”

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Bu resminama türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklaryny gorap saklamak maksady bilen kabul edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Oraza baýramynyň bellenilýän güni – 10-njy aprel iş güni däl diýip yglan edildi.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar şu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Oraza baýramy tutuş dünýädäki ähli musulmanlar tarapyndan bellenilýär we ol Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanandygyny görkezýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022