Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde ýerleşýän Jeýhun metjidi

Türkmenistanda mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli, çarşenbe güni Oraza baýramy bellenilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat şäherinde Baýram namazy okaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gadymy Änew şäherinde Seýit Jemaleddiniň adyny göterýän metjit, şeýle hem mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen Gadyr gijesine gabatlanyp, Hazar, Ruhubelent, Döwletli, Şatlyk şäherçelerinde täze metjitler açylyp ulanmaga berildi” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

“Oraza aýynda we Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, beren sadakalaryňyz, okan aýatlaryňyz, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna eden doga-dilegleriňiz Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda aýtdy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny ugratdylar.

Oraza baýramy tutuş dünýädäki ähli musulmanlar tarapyndan bellenilýär we ol Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanandygyny görkezýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022