EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli gününiň senesi tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli gününiň senesi tassyklanyldy
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň plakatlary

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň çägindäki Türkmenistanyň Milli güniniň senesi mälim edildi.

EKSPO-2025 serginiň web sahypasynda habar berilmegine görä, Türkmenistanyň Milli güni 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde, ýagny serginiň açylyş gününden bir gün soň geçiriler.

Osaka şäherinde "Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris" şygary bilen geçiriljek serginiň guramaçysy bolan Ýaponiýanyň sergi assosiasiýasy şenbe güni gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan guraljak milli günleriň meýilnamasyny we kompaniýalar hem-de ýerli hökümetler tarapyndan guralmagy meýilleşdirilýän beýleki çäreleri yglan etdi.

Şeýle hem Ýaponiýanyň sergi assosiasiýasy sergä gatnaşjakdyklaryny mälim eden 161 sany ýurduň we sebitiň 101-si üçin milli gün senesini kesgitledi.

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde şu ýylyň 27-nji martynda geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň üçünji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Osakada geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy.

2022