Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siz kosmonawtikanyň taryhynda täze sahypalary açdyňyz. Biz Siziň älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek işinde ýeten derejäňize buýsanýarys” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenko berk jan saglyk, geljege ynam, täze açyşlar, jogapkärli işinde uly sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy Oleg Kononenko Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022