Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyrylýar.
Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry täze düzüm desgasynyň degişli güwänamalara – awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, şeýle hem bu awtomobil ýolunyň ýokary derejede howpsuzlygyny we onuň gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp boldy.
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň gurluşygyny “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Tejen – Mary böleginiň gurluşygyny bolsa “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti ýerine ýetirdi.
Alty sany hereket zolagyndan ybarat bilan bu ýoluň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler we beýlekiler oturdyldy.
Şeýle hem ýokary tizlikli awtomobil ýoluň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we tiz kömek merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygyň ýörite nokatlary ýerleşdirildi.
Mundan başga-da, dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine bäş sany halkara güwanama gowşuryldy.